• No results found

3. DATA AND DESCRIPTIVES

3.4 M IDDLE SCHOOL REGISTER

döredenler

“Trockland” kompaniýasy Germaniýada ýa-da Berlinde jyns ady bolup bilmese-de, kartada öz belligini görkezdi: 2021-nji ýylyň mart aýyna çenli kompaniýanyň web sahypasynda 19 taslama görkezilýär, olaryň hemmesi Berlinde ýerleşýär. Ýerli häkimiýetlerde bu kärhana barada, şol sanda onuň eýeleri we 33 maliýeleşdiriş çeşmesi barada doly maglumat bar. Esasanam “Trockland” meselesinde birnäçe taslamanyň halk arasynda meşhurlygy we ähmiýetlidigi bellidir.

“Trockland”-iň web sahypasynyň öňki nusgasyna görä, bu kompaniýa 2010-njy ýylda Ysraýyl telekeçisi Heskel Nataniel we onuň uniwersitet dosty Neofitus Stilýanou tarapyndan döredilip, maliýe krizisinden soň gozgalmaýan emläk bahalarynyň arzanlamagy bilen Berlinde birnäçe derege ýaramaýan emläk satyn alýarlar. Soňra bu kompaniýa daşarky maýadarlar üçin açyldy, olaryň biri hem Wladimir Sokolow boldy. Onuň “Trockland”-e gatnaşygy 2013-nji ýyla degişlidir. Ol 2014-nji ýylda bu kärhananyň hyzmatdaşy we maliýe we maýa 34 goýum gatnaşyklary bölüminiň başlygy bolýar. 35

Sokolowyň “Trockland”-e gatnaşygynyň uly möçberdedigi bellidir. Nemes kompaniýasynyň resminamalary 2020-nji ýylyň fewral aýyna çenli Sokolowyň Trockland Management GmbH-de 9% paýynyň bardygyny görkezýär. 2018-nji ýylda paý has ýokary, 15% bolupdy. Sokolowyň “Trockland”-däki maliýeleşdirmesi düýpli bank sistemasynyň barlagyna sezewar bolardy. 2008-nji ýylyň awgust aýynda Germaniýanyň bank düzgünleşdirijisi BaFin SÄŞ-lere degişli täze düzgünleri kabul etdi we işleriň güýçlendirilmegini talap etdi.

Prezident Nyýazowyň maýa goýumlary wagtynda aradan çykanlygy sebäpli, Sokolow indi SÄŞ hökmünde kesgitlenmezdi. Şeýle-de bolsa, 2009-njy ýylda çap edilen neşirde SÄŞ hökmünde öňki klassifikasiýanyň “SÄŞ statusy

https://www.trockland.com/our-projects/, 2020-nji ýylyň fewral aýyna girildi. 2021-nji ýylyň mart aýynda Trockland täze web sahypasyny döretmek

33

boýunça iş alyp bardy. Öňki nusgasy doly arhiwlenmedi we 2021-nji ýylyň aprelinde başlanan täze nusgasynda 2021-nji ýylyň 11-nji aprelinde ulanylan https://www.trockland.com/en/ şol bir maglumat ýok.

https://www.trockland.com/milestones/#2010-01, 2020-nji ýylyň fewral aýyna girildi.

34

https://www.trockland.com/milestones/#2014, 2020-nji ýylyň fewral aýyna girildi.

35

HESKEL NATHANIEL

© TROCKLAND.COM

NEOPHYTUS STYLIANOU

© TROCKLAND.COM

ýitirilenden soň hem müşderiniň töwekgelçilik kategoriýasyndadygy ýa-da onuň bilen iş gatnaşyklarynda bolandygy esasy faktor hökmünde göz öňünde tutulmalydygy görkezilýär. Şol sebäpli, müşderiniň öňki SÄŞ statusy onuň görkezijilerinde hasaba alynmalydyr we saklanmalydyr." Sokolowyň Russiýanyň 36 Merkezi Bankynda uly bankir bolup, soňra bolsa Russiýanyň döwlet WTB Bankynda işlemegi onuň töwekgelçilikli müşderi kategoriýasyna degişlidigini aňladýar. Muňa garamazdan, pul serişdeleri Trokland we onuň bilen gatnaşygy bolan maliýe edaralary tarapyndan kabul edildi.

Wladimir Sokolow 2018-nji ýylda bu taslama gatnaşygy baradaky tankytlara jogap berdi. Ol: “Dürli gazetlerde öňe sürülýän aýyplamalar maňa we maşgalamyza agyr degdi. Ähli zadyň maşgalam bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Bu ýere maýa goýmak isleýän ähli pulumy özüm gazandym. Bu Londonda 20 ýyldan gowrak bankir bolup işlän wagtym bilen bagly. Elmydama girdejim üçin salgytlary dogry töleýärdim. Muny barlap bilersiňiz, bu ýerde hiç hili syr ýok. Munuň maşgalam bilen asla baglanyşygy ýok. Meniň gaýynatam on iki ýyl ozal aradan çykdy! (...) şeýle hem meniň dürli taslamalary maliýeleşdirmek boýunça işlän ýyllarymda beýle problema, ýagny meniň maşgalamyň 2006-njy ýylda aradan çykan türkmen döwletiniň ýolbaşçysy bilen bagly bolanlygy mesele bolmandy [...] Bu bütin taslamany duruzmak üçin aç-açan synanyşyk. Hiç zat tapylmansoň, maşgalamyň yzyna düşdüler. Emma munuň arkasynda kimiň we haýsy sebäpleriň rol oýnaýandygyny aýdyp biljek däl." 37

Şeýle-de bolsa, resminamalar “Trockland”bilen Sokolow-Nyýazow maşgalasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň diňe Wladimir bilen gutarmaýandygyny görkezýär. Korporatiw resminamalar Trocklandyň her bir taslama üçin aýratyn kompaniýalary hasaba alýandygyny görkezýär, olaryň hersinde dürli maýadarlar we paýdarlar bar. 2018-nji ýyldan bäri Wladimiriň ejesi Ýuliýa Iwanowna Sokolowa (1945-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda doglan) “Trockland Pier 61-63 Holding GmbH” şirketleriniň birinde paýdar bolup gelýär. Ol paýnamalary Wladimiriň ýolbaşçylygyndaky S.K.I.V. Capital GmbH kompaniýasyna ýeke-täk eýeçiligi arkaly alyp barýar. Trockland Pier 61-63 Holdingi Berliniň Spree derýasyna bakýän 38 myhmanhananyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ösdürilmegine jogapkärdir. 39

Wladimiriň aýaly - Saparmyrat Nyýazowyň gyzy - Irina Sokolowanyň 2017-nji ýyldan bäri Trockland VI Klosterstraße 62 GmbH, “Trockland”-iň golçur kompaniýasynda paýy bar; ol Berliniň meşhur 40 Aleksandrplatz meýdanynyň golaýyndaky Klosterstrassede täjirçilik üçin ulanylýan iki binanyň bölekleýin abatlanylmagyna jogapkärdir. Şeýle hem, ol 2020-nji ýylyň dekabrynda CBRE-iň Pan Ýewropa merkezi 41 gaznasy atly bir kompaniýa satylmazdan ozal, Trockland VIII Hauptstraße 27 GmbH paýnamalarynyň

https://www.bafin.de/SharedDocs/Veroeffentlichungen/EN/Rundschreiben/rs_0914_gw_en.html, http://www.gafilat.info/index.php/es/biblioteca-virtual/

36

observadores/legislacion-y-normativa-17/321-002-gwg-money-laundering-act-ley-de-lavado/file, ikisine-de 2021-nji ýylyň 24-nji martynda girildi.

https://www.morgenpost.de/berlin/article215957521/Heskel-Nathaniel-Eine-absolut-irrationale-Hexenjagd.html, 2021-nji ýylyň 24-nji martynda girildi.

37

Crude Accountability tarapyndan nemes dilinden terjime edildi.

https://www.berliner-zeitung.de/mensch-metropole/trockland-investoren-am-checkpoint-charlie-die-spur-fuehrt-nach-turkmenistan-li.19860, 2021-nji

38

ýylyň 24-nji martynda girildi. Germaniýanyň ýer we kompaniýa ýazgysyndan goşmaça maglumat.

https://www.trockland.com/pier-6163/, 2021-nji ýylyň 24-nji martynda girildi.

39

https://www.tagesspiegel.de/berlin/gedenkstaette-in-berlin-investor-fuer-checkpoint-charlie-hat-heikle-partner/23693394.html, 2021-nji ýylyň 24-nji

40

martynda girildi.

https://www.trockland.com/ 2021-nji ýylyň 24-nji martynda girildi.

41

1,5% paýyna eýe boldy. Hauptstraße 27 Troklandyň esasy ofisiniň ýerleşýän binasy bolmagy ähtimal, 42 sebäbi bu “Trockland”-iň web sahypasynda görkezilen adresidir. 43

Iň esasy zat, prezident Nyýazowyň dul aýaly Muza Nyýazowanyň “Trockland” taslamalaryna gatnaşmagy:

•2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Muza Nyýazowa tarapyndan gol çekilen we üç ýyl güýje giren ynanç haty,

"Trockland"-iň kompaniýasynyň baş direktory Nataniel Heskele Muzanyň bähbitlerine, şol sanda Trockland V Gmbh atly Troklend kompaniýasyndaky paýnamalaryny satmak mümkinçiligine wekilçilik 44 etmäge ygtyýar berdi.

•Germaniýanyň “Tagesspiegel” gazetiniň habaryna görä, Muza Nyýazowa Wladimir Sokolowdan Berliniň meşhur barlag nokady Çarliniň golaýynda ýerleşýän “Charlie Living” -iň döredilmegi üçin jogapkär

“Trockland XI Charlie GmbH” kompaniýasynyň 25 göterimini aldy. Bu taslama tamamlandy we 45 kwartiralar Trockland XI-iň 6% paýyna eýe bolan PZG Project Zimmerstraße atly kompaniýanyň üsti bilen kärendesine alyndy. Bu Muzanyň PZG Zimmerstraße-de 1,5% paýdardygyny we hasaplanan girdejilerden peýdalanmagynyň mümkindigini aňladýar. PZG Zimmerstraße-iň galan 94% -i Kipriň "Justy Business" kompaniýasyna degişli bolup, 2019-njy ýyla çenli paýdarlary Kirill Zimarin we Andreý Wedenkow bolup, olaryň her biri 50% -e eýe boldy. Bu iki adam, ozal Russiýanyň täjirçilik banky (Kipr) diýlip atlandyrylýan RCB Bankyň baş müdiri we başlygynyň orunbasary hökmünde sanaldy. Bu bank 46 47 Russiýa döwletine degişli we Wladimir Sokolowyň işleýän ýeri bolan WTB Bankyň 46,3% -ine eýedir. 48

"Charlie Living" Troklend tarapyndan 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda satyldy. 49

•2018-nji ýylyň iýulyna çenli Muza Nyýazowa, "Trockland"-iň Gerzbergstrafle GmbH 82-84 atly

“Trockland” golçur kärhanasynda 10% paý alyp, Gündogar Berlinde täzeden işlenip düzülen

"Trockland"-iň Gerzberg-Kampus taslamasyna jogapkär boldy. Paýlar soňra Ýekaterina Sokolowa, 50 Irina we Wladimiriň gyzy, merhum prezident Nyýazowyň agtygyna geçirildi. 51

Germaniýanyň ýer ýazgysyndan maglumat, aprel 2021.

42

https://www.trockland.com/, 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde girildi.

43

Crude Accountability tarapyndan seredilen dokument, 2019.

44

https://www.tagesspiegel.de/berlin/gedenkstaette-in-berlin-investor-fuer-checkpoint-charlie-hat-heikle-partner/23693394.html, 2021-nji ýylyň 24-nji

45

martyna girildi.

https://www.rcbcy.com/en/about-rcb/corporate-governance/management/, 2021-nji ýylyň 24-nji martyna girildi.

46

https://www.rcbcy.com/en/about-rcb/history/, 2021-nji ýylyň 24-nji martyna girildi.

47

https://www.rcbcy.com/en/about-rcb/corporate-governance/shareholders/, 2021-nji ýylyň 24-nji martyna girildi.

48

Crude Accountability tarapyndan seredilen Germaniýanyň ýer baradaky ýazgylary, 2019.

49

https://herzberg-campus.com/, 2021-nji ýylyň 24-nji martyna girildi.

50

https://www.berliner-zeitung.de/berlin/trockland-berlins-mietverhaeltnisse-31688856 2021-nji ýylyň 24-nji martyna girildi; Crude Accountability

51

tarapyndan seredilen Germaniýanyň ýer baradaky korporatiw ýazgylary.

•Muza "Trockland"-iň başga bir golçur kärhanasyndaky paýnamanyň üsti bilen gatnaşan üçünji taslamasy köne hassahananyň haşamly Prenzlauer Berg etrabynda ýaşaýyş jaýyna öwürmek boýunça 52 taslama bolup, ol 2016-njy ýylda tamamlandy we Muza 78 ýaşyndaka 2017-nji ýylda satyldy. 53

Gatnaşmak töwekgelçiliginiň ýokarydygyny göz öňünde tutup, Nataniel bilen Troklendiň Muza Niýazowa bilen işleşmezden ozal nähili amallary edendikleri belli däl: ol korrupsiýa bilen bagly bolan Merkezi Aziýanyň prezidentiniň öňki aýaly; Muza Niýazowanyň şeýle taslamalara maýa goýmagyna mümkinçilik berýän nähili girdeji çeşmeleriniň bardygy häzirlikçe näbelliligine galýar.

Hökümetdäki öňki çeşmeler adamsy Türkmenistanyň prezidenti bolanda, Moskwada ýaşap ýörkä Muzanyň işlemändigini belleýärler. 2006-njy ýylda adamsynyň ölümi bilen baglanyşykly miras alan 54 bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar. Nyýazowyň döwründe döredilen we Türkmenistanyň maliýe ýagdaýyna doly gözegçilik edip bilýän korrupsiýanyň dokument esasynda tassyklanmagy - şeýle baýlyga aşa ýokary töwekgelçilikli garalmagy we güýçlendirilmegi talap edýär.

2018-nji ýylda "Trockland"-iň baş direktory Heskel Nataniel şübheli serişdeleriň öz kompaniýasyna maýa goýulýandygy baradaky aýyplamalara şeýle jogap berdi: “Soňky birnäçe günüň dowamynda başdan geçirenlerimizi tassyklanmadyk aýyplamalar bilen düýbünden manysyz jadygöýi awlamak diýip hasaplaýaryn. Men demokratiýada ulaldym. Biriniň aýby subut edilýänçä, ony bigünä hasaplaýaryn. Şu güne çenli hapa pul goýýandygymyzy görkezýän subutnama görmedim." 55

https://www.trockland.com/paragon-apartments-2/, 2020-nji ýylyň fewral aýynda girildi. 33-nji ýazga serediň.

52

https://www.tagesspiegel.de/berlin/gedenkstaette-in-berlin-investor-fuer-checkpoint-charlie-hat-heikle-partner/23693394.html, 2021-nji ýylyň 24-nji

53

martyna girildi.

Dürli döwürde öňki hökümet çeşmeleri bilen hat alyşmalar we söhbetdeşlikler.

54

https://www.morgenpost.de/berlin/article215957521/Heskel-Nathaniel-Eine-absolut-irrationale-Hexenjagd.html, 2021-nji ýylyň 24-nji martyna girildi.

55

“Crude Accountability” tarapyndan nemes dilinden terjime edildi.

“Trockland” we

“Checkpoint Charlie”-ni